Chingiz Baimurzaev
1 year ago - 1 Dakika, 56 Saniye

Ýüpek Ýoly proýekti Türk Dünýäsi üçin näme many aňladýar?

Ýüpek Ýoly proýekti 2003 ýylynda Hytaý baştutany Şi Jinping tarapyndan teklip edildi. Proýekit, Hytaýyň gara ýoldan we deniz ýolyndan Günbatar tarapa dogry ýol alan ekonomik hereketi diýlip hasiýetlendirilýär. Aslynda bu proýekt täze däldir. Taryh boýunça Ýüpek Ýoly (Hytaý) we Baharat Ýoly ( Hindistan) diýlip bilinen bu iki ýolyň gatnawy taryhda ýaşanan dürlü wakalaryň sebäbi bile bu gatnaw ýoly üýtgedilipdir. Ýada bir bölegi gysgaldylypdyr. Hytaýyň ýerine ýetiren bu iş söwda ýolynyň döwrebap manyda täzeden janlandyrylmasydyr. Ýüpek Ýoly proýektiniň deniz ýoly gatnawy häzirlikçe mowzugymyzyň daşynda galsyn. Bizi asyl gyzyklandyran pikir gara ýoly yzarlan bölegidir. Pekinden Londana çenli uzanan bu söwda ýolynyň köp bölegi Türk Dünýäsiniň, ýer alan geografiýasynyň içinden geçýär. Hytaý bu gatnaw ýolynda ýer alan bütin döwletleri çagyrdy. Munuň bilen baglanyşykly bolup, dürlü döwletler bilen birnäçe şertnama gol çekdi. Türkiýe hem bu gatnaw ýolynyň esasy nokatynda ýer alýar. Muňa mysal Baku-Tbilisi- Kars demirýolynyň ulanylmasy bilen birlikde Hytaýdan çykan bir önümüň 15 gün içinde Ýewropada bolup biljegi çak edilýär.

Ýüpek Ýoly proýekti Türk Dünýäsi üçin näme many aňladýar?


Barlagçylar taryhda boluşy ýaly ekonomik güýjüň Günbatardan täzeden Gündogara süýşüp biljegini we munuň geljek ýyllarda hasam köpeljegini çak edýarler. Ähtimal edilişi ýaly, bu geçiş Hýtaýyň üstü bilen ýerine ýetiriljek we gürrüňüni edýänimiz proýektiň düýbüniň tutylmasyna goldaw berjekdir. Şeýlelik bilen Türk Dünýäsiniň ýeri we orny nähilidir, nähili bolmalydyr? Türk Dünýasi bu ýagdaýdan nähili tasirlenjekdir? Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly Türk Dünýasi bu gatnaw ýolynyň uly böleginde ýer alýar. Bu döwletleriň ýolbaşçylary isle Hytaý bilen, isle öz aralarynda dürlü taýýarlyk proýektlerine gol çekip durmuşa geçirmek üçin plan gurýarlar. Umuman, taýýarlyk babatynda haýsam bolsa bir uly mesele ýok. Ýöne welin esasy mesele, bu ýolda emele gelen önümleriň gatnawyna Türk Dünýäsiniň goşandy nähili boljak? Başgaça aýdanymyda nahili önüm öndürip satyp biljekler? Ýogsa başkaça ýagdaýda Hytaýdan gelen önümiň gelmesini çaltlandyrjakdyr. Bu sebäp bilen Türk Döwletler ortak iş birligi içinde öz aralarynda hem söwdanyň köpelmesi üçin okgunly hereket etmesi gerek.