Dilek Özdemir
1 year ago - 1 Dakika, 26 Saniye

Ýüpek yolunyň sadyk sakçysy ' Burana Minarasy '

Ýüpek yolunyň sadyk sakçysy


Yslamyýeti birinji bolup kabul eden Türk döwleti Garahanlylar, çarwadarlykdan ýerli ýaşaýyş durmuşyna geçen Türk boýlarynyň emele getirdigi uly bir medeniýet döwletidi. Başlangyjyny Taňry Daglaryndan alan çöliň içlerine çenli uzan Çu Derýasynyň töweregi gadym zamanlardan bäri Türkleriň ýaşadygy bir mekandy. Paýtagt Balasagun, bu ýerde 9-njý asryň ahyrynda Garahanly Döwleti tarapyndan gurulypdyr we Ýüpek Ýoly üstünde ýer alypdyr. Döwriň ähmiýetli medeniýet, sungat, matametika, astranomiýa we pelsepe hakkynda gözlegler geçirilen bir şäherdir.

Burana Minarasy; Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkegiň 84 km gündogarynda ýer alan Tokmok şäherinde Çu Jülgesinde köne paýtagt bolan gadym Balasagun şaherinde ýer alypdy. Ýüpek ýoly üstünde ýer alan Burana Minarasy, Garahanlylar döwrinde hem minara hemde garawullama minarasy hökmünde ulanylypdyr.


Ýüpek yolunyň sadyk sakçysy


Burana Minarasy aslynda, 11-nji asyrda gurylan bir mesjidiň minarasydyr. Hakyky görnüşi 45 metr bolan minara ýer titremeler sebapli durky bozulypdyr. We soňky wagtlar köne görnüşine bagly bolmak şerti bilen dikeldilipdir. Gyrgyzystanyň nişan ýadygärliklerinden 25 metr beýikligindäki Burana Minarasy 25x25x5 sm ululygynda palçykdan bişen kerpiçler bilen gurulypdyr. Göwresiniň daş diwarlary ýylmanma nusgaly kerpiçler bilen örülipdir. Minara çykmak üçin ilkinji bilen demir basgançaklardan geçip, kiçi baş gapysyna barýarys. Bu ýerden ýöne birje kişinin çykyp we düşüp biljegi basgançaklar bilen minaranyň ýokarysyna çenli çykyp bilersiňiz. Girişden başlap aýlawly bir şekilde ýokary tarapa çykan, kerpiçden ýasalan basgançak we iki penjire içini ýagtylandyrýar. Iň ýokarsyna çykylan mahaly ajaýýp peýzaj gözler öňüne ýaýraýar. Burana Minarasy içinde dolanma basgançak arasynda kiminki boldygy bilinmeýan bir gubur hem bardyr. Şeýle hem töwereginde bar bolan bütin taryhy galyndylar we el işleriniň nusgalary minaranyň içinde goralýar.