Türkan Hüseynova
1 year ago - 1 Dakika, 16 Saniye

Ýaş oýlap tapyjy: Ýagyş suwundan Elektrik Energiýasy

ABD prezidentiniň baş maslahatçysy we prezidentiň gyzy Iwanka Tramp yolbaşçylyk edýän Bütindünya Girişmejilik Ýygnagynda 15 ýaşly Azerbaýjanly gyzyň üstünlikleri barada gürrüň berdi. On baş yaşly Reýhan Jamalowanyň oylap tapan zadyny öwen Iwanka “ Senin parlak zehiniň we gaýratly zähmetiň bize ylham beryär” diydi.

Ýaş oýlap tapyjy: Ýagyş suwundan Elektrik Energiýasy

5 yaşyndan başlap kiçijik gözlege başlaýan Reýhan Jamalowa, 100 % talyp haky bilen Azerbaýjanyň Guba şäherindeki Istek orta okuwynyň 9. Synypynda okaýar. Sapaklarynda üstünlükleri bilen seçilen Reýhan dostlary bile bilelikde ýagyş suwundan energiýa döredip Rainergy adyny beren bir enjamy oýlap tapdy. Reýhanyň bu oýlap tapan enjamy çak bilen 22 wolt energiýa 22 led ampul ýagtylandyryar. Yaşajyk oýlap tapyjy bu energiýany yokarlandyrmany pikirlenýändigini aytdy. “ Kabir döwletlerde elektrik gaty gymmat, biz bu enjam bilen elektrik girdeýjisini köpeldip gaty az pul tölap gaty köp elektrik alyp bileriz.” Reýhanyň görüşüne görä dünyädäki milyardan köp litir ýagyş suwundan peýdalanylsa elektrik energiýasy ýaly ulanylyp biliner.”

Hindistanda geçirilen Bütündünyä Girişmejilik Ýygnagyna gatnaşan Reýhan Jamalowa taslamasy birinji etapdan üstünlükli geçipdir. Ýakynda ýarym final we jemleýji final tapgyrynda görkeziler.

Bütindünýä Girişmejilik Ýygnagynyň wekili Ivana Tramp yaşajyk oýlap tapyjy hakynda şeýle belläp geçti: “ Reýhanyň bir şygary bar. “ Her gezek bir öyü ýagtylandyrar”. Seniň ýagtylandyrdygyň her öy dünýäni ýagtylandyrar. Seniň parlak zehiniň bizede ylham çeşmesi bolýar.”

Nobel baýragyny gazanmany maksat edinýän Reýhan Jamalowa, Amerikanyň tanymal matematikçisi Lütfü Ali Askerzada ýaly yz goýmany hem maksat edinýär .