Türkmenistanyň prezidenti meşhur heýkeltaraş we halk suratkeşi Saragt Babaýewi sylaglady
Türkmenistanyň döwlet baştutany 2018-nji ýylyň ilkinji kararyna gol çekdi, meşhur heýkeltaraş, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanynydaky ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Saragt Babaýewe “Hormatly Il ýaşulusy” diýen ady bilen sylaglandy. Täze ýylda 70 ýaşyny gutlaýan Türkmen heýkeltaraşy üçin bu şa serpaýy gaty begendirdi.
Medeniýet ministrliginiň maslahat zalynda meşhur heýkeltaraş, Türkmenistanyň halk suratkeşi we 2 gezek Halkara Magtymguly serpaýynyň eýesi Saragat Babaýewa şa serpaýy sylag dabarasy boldy. Dabarada ýygnananlar S.Babaýewiň türkmen halkynyň döredijilik däplerini ösdürmäge, Türkmen döwletiniň binagärlik gözelligini artdyrmaga, zehinli ýaşlary terbiýelemäge, şägirtleri ýetişdirmäge goşan aýratyn goşandyny belläp geçildi.

Esasan-da, dabarada täze ýylyň ilkinji kararynyň medeniýet we sungat bilen baglanyşykly Türkmenistanyň prezidentiniň medeniýet ulgamyny ösdürmäge berýän ägirt uly ünsüne aýdyň şaýatlyk edýänligi bellenildi.
Türkmenistanyň meşhur sungat ussadynyň döreden iň meşhur işleriniň arasynda Halkara Aşgabadyň howa menziliniň girilýän ýerinde ýerleşýän we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ”Oguz han we onuň ogullary” atly suw çüwdürimli toplumy, Garaşsyzlyk seýilgähinde türkmen taryhynyň beýik gahrymanlarynyň heýkel şekillerini we Ylham seýilgähinde ýerleşdirilen görnükli alymlaryň we ýazyjylaryň ýadygärlikleri bakylaşdyran işleri aýratyn orna eýedir.
Türkmen halk suratkeşiniň iň oňat işiniň biri Magtymguly Pyragynyň heýkelleri Türkiýeniň paýtagty Ankarada we Russiýanyň Astrahan şäherinde bardyr.
Çeşme : Atawatan Türkmenistan Habarlary Agentlygy (ATHA)