Gülalek Annamuradova
1 year ago - 51 Saniye
tr
az
en
kk
ky
uz
ru
tk

Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Minara ýatagynda tebigy gazyň üsti açyldy

Dünyäniň tebigy gaz gory boýunça Türkmenistan 4-nji ýeri eýeleýändir. Atawan Habar agentliginiň maglumatyna görä, Türkmenistanyň günortasynda, Mary welaýatynda ýerleşýän Minara ýatagynda 1 million metr kubdan gowrak gündelik öndürilip bilinjek gaz ýatagynyň üsti açyldy. Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasynyň Lebap Nebitgaz Gözleg Müdirligi tarapyndan intensiw gözleg-agtaryş işleriniň ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde Günorta Minara ýatagynyň üsti açyldy.

Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Minara ýatagynda tebigy gazyň üsti açyldy

Türkmenistanyň Habar gullugynyň habar bermegine görä, tebigy gaz ýatagynda 4 müň 750 metr çuňlukdan soňra tebigy gaza ýetildi. Gorda gündelik öndürilip bilinjek 1 million metr kubdan gowrak tebigy gaz bardyr.

Türkmen hünärmenleri, döwletiň ähli böleklerinde geologiýa-geofiziki gözleg barlaglaryny geçirýärler. Minara ýatagy dünýäniň iň uly 2-nji tebigy gaz gory bolan Galkynyşa ýakynlygy bilen tanalýandyr.

Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasy, täze alan enjamlary bilen fundamentyny güýçlendirdi. Bu sebäpli, bu korparasiýä gelejkde örän köp tebigy gaz gorlaryny tapmagy we senagata uly goşant gazandyrmak üçin güýçli depginde işler alyp barýar.

Çeşme : Atawatan Türkmenistan Habarlary Agentlygy (ATHA)