Gülalek Annamuradova
1 year ago - 38 Saniye
traz
en
kk
ky
uz
ru
tk

Türkmenistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz döwletler arasynda

Bu ýylyň Ýanwar aýynyň 10-nda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Daşary Işler Ministrligi, Amerikaly syýahatçylary beýleki ýurtlaryň howplulyk derejesi barada habarlandyrmak maksady bilen täze maglumat paýlaşma maksatnamasyna başlady. Bu maksatnama esasynda, Amerikan watandaşlary dogry we ynamdar ähli howpsuzlyk maglumatlary bilen üpjin ediler. Bu ulgam içinde döwletleriň howplulyk derejesi 1-dan 4-e çenli dereje bilen belgilenýär.

Türkmenistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz döwletler arasynda

Birinji toparda dänýaniň iň howpsyz döwletleri, Amerikalylar üçin ne terror, ne jenaýat, ne raýaty ynjalyksyzlyk ne-de tebigy betbagtlyklar howpy salan 40 sany döwletleriň arasynda Türkmenistanda bardyr. Türkmenistan bilen bir hatarda, Gazagystan, Belorussiýa, Täjigistan we Özbekistan hem bardyr.

Şeýle-de, bu maksatnamada Angliýa, Italiýa, Germaniýa, Fransiýa we Ispaniýa yaly bütindünýä meşhur syýahat edilen ýurtlar ikinji derejeli howpsuz döwletler arasynda ýer alandyr.

Çeşme: ABŞ Daşary Işler Ministrligi