Türkmen Halkynyň Beýik Akyldary we Milli Şahyry '' Magtumguly Pyragy''
Türkmen edebiýaty ýa-da klasika Türkmen edebiýaty diyilen mahaly barmaklar birje kişini görkezýär. Ol hem gürrüňsiz Mahtumguly Pyragydyr. ( 1733-1791) Sebäbi Magtumguly ýaşadygy döwürde halkyň dertlerine biperwa galmaz, Türkmen halkyna ýol görkezmäge we umyt bermäge kömek eden şahyrdyr. Içinde önüp ösen halkyň dertlerini dile döken biridir. Goşgularynda Türkmenleriň agzybir bolmasy, Türkmen ruhy we akly, din ve tasawwuf, ýagşy we yaman ynsan deňeşdirmesi, jemgiyetçilik durmuşy, ylym ögrenme we yaramaz endikler, nesihat yaly uly mowzuklar bilen ýola çykar.
17-nji Asyra çenli azat we erkin durmuş ýaşaýan Türkmenler, 1700-nji ýyllardan soň Hywa Hanlygy bilen Eýran Hanlygynyň gurnadygy söweşleri bilen baş başa galypdyrlar. Ýagny, 18-nji asyrda Türkmenler daşarky çozuşlar sebäpli kyn bir döwür geçirdiler. Şol bir wagtyň özünde Türkmen taýpalarynyň arasynda dowam eden iç gozgalanlar hem merkezde belli bir döwletiň bolmasyna zyýan beripdir. Ilk başda Magtumguly we birnäçe şahyr bu ýagdayy görerler we halky azgybirlige çagyrarlar. Hanlaryň zalymlygy, din adamlarynyň öz peýdasyny pikir etmeleri ýaly meseleler döwrüň esasy meseleleridir. Ynha, Magtumguly munuň ýaly kyn döwürde ýaşapdyr we bular yaly kynçylykly döwürde Türkmenlere yol görkeziji şahyrlardan biri bolup durýar.

Magtumguly Türkmenleriň Gökleň taýpasynyn Gerkez tiresinden Gyşyklar bölegindendir. Şahyr “ Ilidir” adly goşgusynda:
Ýaz geler wagt hem geçer gaflata düşdi gözlerim
Açaýyn diysem açylmaz ne agyr ukulydyr.
Bilmeýän soranlara aýdyň bu garyp adymyz
Asly Gerkez ýurdy Etrek ady Magtumgulydyr
Görnişinde yazga geçirir. Magtumgulynyň kakasy Döwletmammet Azady 18-nji Asyryň Türkmen şahyry we il bähbitli adamlarynyň biridir. Onyň „ Wagzy Azat, Behiştnama, Baş Namaz, Hekaýalar“ ýaly eserleri bilen rubagylary we gazallary bardyr.
Magtumguly ilkinji bilimi kakasyndan alypdyr. Soň bolsa Lebapdaky Idris Baba medresesinde, Gögeldaş medresesinde we Hywadadaky Şirgazy medresesinde ylym almaga dowam edipdir. Gowy ylym alan Magtumguly Arapça, Parsça we Çagataý Türkçesini öwrendipdir. We Nyzamy, Sadi, Fuzuli, Harezmi, Farabi, Biruni, Ibn Sina, Kaşgarly Mahmud, Ömer Haýýam, Mewlana, Hajy Bektaş Weli, Ýunus Emre, Nowaýy, Ahmet Yasawy ýaly Gündogaryň we Türk Dünyasynyň şahyr we alymlarynň eserlerinden habardar bolupdyr. Ol Eýran, Owganystan, Özbegistan, Gazagystan we Anadola syýahat edipdir. Yslam tasawwufynyň bütin ugurlaryny gowy bilendigi goşgularyndan belli bolýar. Türkmen Türkçesini we Gündogar Türkçesini bile ulanyp bilipdir. Halk dili we medeniýet dili arasynda ortak bir edebi dil ulanyp bilen ussat şahyrdyr.
Şahyr Türkmen agzybirligi mowzugyny bol bol nygtar goşgularynda:
Türkmenler baglasa bir yere bili
Gurydar Gulzumy, derya-ýy Nili
Teke, Ýomut, Gökleň, Yazyr, Alili
Bir döwlete gullyk etsek bäşimiz.
Magtumgula göra eger, Türkmenleriň köňlü, yüregi we akly bir bolsa, bir saçakda nahar iýilse, şoň wagt Türkmenleriň öňinde hiç bir çykalgasyzlyk bolmaz we muny „Türkmeniň“ adly goşgusynda şeýle beýan etýär :
Köňüller, yürekler bir olup başlar,
Tartsa ýygyn, erir topraklar daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly Türkmeniň
Bu setirdaki ‘‘supra‘‘ Türk Yslam medeniýetinde öňden bäri agzybirlik, jebislik içinde bolmagyň nyşany manysynda ulanylypdyr. Edil şonuň ýaly kakasy Döwletmämmet Azady hem „Wagzy Azat“ adly eserinde aýratynlykda ýaşaýan Türkmen taýpalarynyň birleşmesi gerekdigini, merkezde bir güyjüň gerekligini şeýle belläp geçer:
Ýitirer ýolyny rehbersiz bolan
Dagarmyş esgeri serdarsyz bolan
Padyşasy bolmasa bir döwleti
Bolmaz eken haýyr yhsany onyň
Magtumguly goşgularynyň köpisiniň ýakyldygyny we ýok edildigini öz goşgusyndan anlap bileriz.
Gapyllykta düşman aldy daşymyz
Dargady her yana deňi duşumuz
Bäş ýylda bir kitap eden işimiz
Hep duşmanlar alyp weýran eýledi
Duşmanymy Jeýhun derya eýledi.