Gülalek Annamuradova
1 year ago - 1 Dakika
tr
az
en
kk
ky
uz
ru
tk

Türkmen gazy arkaly Hytaýyň kömür sarpy azaldaldy


Hytaý Milli Nebit Kompaniýasynyň (HMNK) habar bermegine görä, Türkmenistanyň Amyderýasynyň kenarynda tebigy gaz gorlaryndan öndürilip, Hytaýa ugradalylýan Türkmen tebigy gazy, Hytaýdaky tebigy gaz zerurlyklaryny üpjün edýänligi bellenilip geçildi.

Mälim edilişine görä, Dekabr aýynyň ortalarynda 101. gaz burawlama we 2 gaz arassalama kärhananasynda amaly aşyrylan işler netijesinde gündelik tebigy gazyň eksporty 5 million metr kub köpelip, 39 million metr kuba çenli ýokarlandy.


Türkmen gazy arkaly Hytaýyň kömür sarpy azaldaldy


HMNK-nyň hasabatyna görä, Türkmenistandan ugradylan 39 million metr kub tebigy gaz, Pekiniň gyş aýlaryndaky tebigy gaz ätiýaçlarynynyň 3-de birini üpjün etmek bilen, eýsem gündelik 63 müň tonna kömür harjynyňda azalmagyna mümkinçilik berýändir. Bu hem, Hytaý döwletiniň howa hapalygynyň azalmagyna belli bir derejede goşandy bardyr.

Hytaý kompaniýasy, tebigy gazyň ugradylmagynyň ýokarlanmagy üçin güýçli depginde işler alyp baryp, 2018 ýylynda 6 sany gaz burawlama pudaklaryny açmaklygy meyilnamalaşdyrýar. Bu eksportyň günlük 40 millon kub boljagy takmyn edilýär.

2009 ýylynyň Dekabr aýyndan hyzmata açylan Türkmenistan-Hytaý tebigy gaz geçirijisi, Türkmenistanyň Malaý tebigy gaz goryndan başlandyr. 9 müň kilometr uzynlygyndaky geçirijiniň, 490 kilometry Özbegistanda, 1304 kilometry Gazagystanda we 7000-den gowrak kilometry Hytaýda gurulandyr. Hytaýyň Şangaý, Guangzhou, Hong Kong ýaly möhüm senagat merkezlerine ýeten gaz geçirijisi Türkmen gazynyň Hytaýa getirilmegi bilen üpjin eder.

Çeşme : Atawatan Türkmenistan Habarlary Agentlygy (ATHA)