Gülalek Annamuradova
1 year ago - 1 Dakika, 47 Saniye
tr
az
en
kk
ky
uz
ru
tk

Türkmenistan we ABŞ işewürlik hyzmatdaşlygy barada pikir alyşdylar


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Amerikan işewüri, Türkmen döwlet Baştutanyny, Halkara Bitaraplyk güni bilen mähirli gutlap, ABŞ-nyň işewür toparlary ykdysady ösüşiň okgunly depginlerini görkezýän Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýokary gyzyklanma bildirýänligini aýtdy.

Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ähli gyzyklanýan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary alyp barmaga hemişe açykdygyny aýdyp, Türkmenistanda eýýäm birnäçe ýyl bäri üstünlikli işläp gelýän iri amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.


Türkmenistan we ABŞ işewürlik hyzmatdaşlygy barada pikir alyşdylar


Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler maksatnamalary we dürli pudaklardaky taslamalar däp bolan işewür gatnaşyklary köp ugurly ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Halk hojalyk toplumynyň senagatlaşdyrylmagyny çaltlandyrmaga, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge ugur alan Türkmenistan, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna, iň oňat dünýä tejribeleriniň çekilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, onuň baý mümkinçiliklerini amala aşyrmagyň, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezen ikitaraplaýyn işewürler geňeşiniň we bilelikdäki işewürler maslahatlarynyň möhüm orny bellenildi. Türkmen-amerikan özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda energetika toplumy, ulag we aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamlary we beýlekiler görkezildi.

Işewür ABŞ-nyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga ýokary gyzyklanmalaryny ýene-de bir gezek tassyklap, halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerinde Türkmenistanyň başlangyçlar bilen çykyş edýän ornuny belledi.

Bu ýylyň Iýul aýynda Waşingtonda Türkmenistan-ABŞ işewürler geňeşi bolupdy. Bu saparda Aşgabatda duşuşdylar. ABŞ-Türkmenistan iş geňeşi, ABŞ we Türkmenistan arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň uzakmöhletleýin özara bähbitli esasda üstünlikli ösdürilmegi üçin gurulan guramadyr.

Çeşme: Türkmenistan Altyn Asyr