Gülalek Annamuradova
1 year ago - 1 Dakika, 19 Saniye
tr
az
en
kk
ky
uz
ru
tk

Türkmenistan, Halkara Bitaraplyk günini giňden dabaralandyrdy

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda degişli Kararnamany kabul eden güninden bäri, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ikinji gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk baýramy dabaraly ýagdaýda gutlanyldy. Türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazylan bu şanly baýram mynasybetli, Türkmenistanyň ähli ýerlerinde köpçülükleýin-medeni çäreler we açylyş dabaralary ýaýbaňlandyryldy .


Türkmenistan, Halkara Bitaraplyk günini giňden dabaralandyrdy


12-nji dekabr, Bitaraplyk günu, däbe görä, baýramçylyk çäreleri Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Ir bilen gül goýmak dabarasyna gatnaşmak üçin kaşaň binanyň ýanyna Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de paýtagtyň häkimleri, milli parlamentiň deputatlary, daşary döwletleriň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplygyny gazanan Türkmenistan, bu ýyl 22 ýyllygyny gutlady. Bitaraplygyň parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däplerine hormat goýmak, hoşniýetlilik, dini garaýyşlara sarpa goýmak ýaly binýatlaýyn ugurlary döwletiň halkara giňişligindäki syýasatynyň has-da işjeňleşmegini şertlendirdi.

Bu şanly Bitaraplyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda we ähli welaýatlarda köpçülikleýin-çäreler geçirildi. Şeýle-de şanly baýram güninde söwda merkezleri, saglyk öýleri we yaşaýyş jaýlary açyldy.

Çeşme : Atawatan Türkmenistan Habarlary Agentlygy (ATHA)