Gülalek Annamuradova
1 year ago - 1 Dakika, 26 Saniye
tr
az
en
kk
ky
uz
ru
tk

Türkmen Lideri, Türk işewürlerini kabul etdi

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany hormatly Gubanguly Berdimuhamedow, Çalyk Holding müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalyk we Rönesans Holding kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Işewürler bu pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi hem-de Türkmenistanyň ähli halkyny Halkara Bitaraplyk güni bilen mähirli we tüýs ýürekden gutladylar hem-de kompaniýalarynyň durmuşa geçirýän işleri hakkynda maglumat berdiler.


Türkmen Lideri, Türk işewürlerini kabul etdi


Türk işewüri Ahmet Çalyk, milli Liderimizi Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady we Türkmenistanyň bu Bitaraplyk syýasatynyň bütin dünyä uly görelde bolanlygyny belläp geçti.

Türkmen lideri, Türkmenistan bilen Türkiyäniň arasyndaky doganlyk, medeniýet we ruhy baglanyşygynyň wajyplygyny belläp geçip, döwletinde senagatda işleriň ýokary depginde alyp barylmasysyny belläp geçip, Türk kompanýalyryny ulgam, energiýa we saglyk pudagynda äpet maksatnamalara we taslamalara goşant goşmaga çagyrdy.

Türk işewürleri birnäçe yyllardan bäri, Türkmenistanda ýola goýlan maksatnamalar we taslamalar durmuşa geçirýän işleri babatynda we Türkmenbaşy şaherindäki Halkara Deňiz Menzili proýekti hakkynda maglumat berdi.

Rönens Holding yolbaşçysy Erman Ylyjak öz gezeginde, Türkmen Lideriniň alyp baryan giň möçberli özgertmeler maksatnamalary we dürli pudaklardaky taslamalary, ilkinji Türk kompaniýalary soňrada iş dünyäsi wekilleriniň gyzyklanyanlygyny belledi.

Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň ähli gyzyklanýan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary alyp barmaga hemişe açykdygyny aýdyp geçdi. Erman Ylyjak, Türkmenistan bilen hyzamtdaşlyk gatnaşyklaryndan hoşallyk bildirip, Ahal welaýatynyň Owadandepe diýen ýerde tebigy gazdan ýokary hilli awtomobil benzinini öndürjek dünýäde deňi-taýy bolmadyk zawod bolan möhüm desganyň gurluşygy boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.

Türkmen Lideri, hususan-da Günorta Koreyanyň Hyundai Engineering Co., Ltd kompaniyasynyň yolbaşçysy Sung San-Roku kabul etdi.

Çeşme : Atawatan Türkmenistan Habarlary Agentlygy (ATHA)