Sevde Kalafat
1 year ago - 1 Dakika, 5 Saniye

''Türkiýeniň iň owadan ýolunuň'' gamgyn hekaýasy

Mugla bilen Marmarisi birbirine baglaýan şirin Gökova şäheriniň Akçapynar obasynda yüzden gowrak okaliptus agaçlary bilen gurşalan bu ýol, Söýgü ýolu adyny aldy. Müňlerçe turist tarapyndan zyýarat edilip, suraty çekilen hat-da birnäçe seriýallara çeşmelik bolan bu ýoluň hekaýasy gynançly aslynda.

1938 ýylynda Gökowa halky we mugtaryň kömek bermesi bilen ekilipdir bu ağaçlar. O ýyllarda bataklyk bolan sebitde köpürak çybynlaryň bolmasy sebäbi bilen gyzdyrma keseli başlapdyr. Oba halkyny janyndan bezdiren gyzdyrma ölüme sebäp bolupdyr. Mugtaryň 7 sany gyz çagasyndan 4-si gyzdyrma keseli sebäbli aradan çykypdyr. Soňky çagasy oglan bolansoň, mugtar oglynyň şanyna oba halkyna bir söz beripdir. Bu bataklygy guradyp gyzdyrma keseline yok etjekmiş. Mugtar obalylar bilen bilelikde bu ýagdaýy häkime düşündürüpdür, emma agajy tapmak aňsat bolmandyr. O töwerekde yaşaýan bir ýazyjynyň kömegi bilen Awusturaliýadan yüzden köp okaliptus nahaly getirilipdir. Agaçlar ulaldykça bataklyk gurapdyr we çybynlar hem yok bolupdyr.

Häzirki wagytda bu ýer Türkiýeniň iň owadan ýoly hasaplanýar. Agaçlar takmynan 20 metir uzynlygyndadyr. Nahallaryň getirilmesi üçin goşant goşan yazyjy Halikarnas Balykçysydyr. Mugtaryň ogly bolsa Halikarnas Balykçynyn ruhy taýdan ýakyn bolan ogly Prof. Dr. Şadan Gökovaly. Meniň hem sizlere maslahatym bu tebigat gözelligi bolan ýolda birnäçe minut hem bolsa duryp hem tebigy owadanlygyny görüp bilmeniz hemde hekaýany ýakyndan duýmagyňyzdyr.