Dilek Özdemir
1 year ago - 2 Dakika, 4 Saniye

Türk Dünýäsiniň Umumy Baýramy...Nowruz

Tebigat bilen içkin, bilelikde ýaşayan, topragy “ Ene” diyip häsiýetlendiren Türküň düşünjesinde “ Baharyň gelişi” elbetde möhüm bir ýere eýedir.

Nowruz, Türk dünýäsiniň demirgazygyndan günortasyna, günbataryndan gündogaryna çenli uzalyp gitýän, giň geografiýada ýaşaýan jemagatlaryň köpüsü tarapyndan ýaýgyn gutlanan bahar baýramydyr. Bütin baýramlaryň dini we milli bir ynançdan, o jemagaty gyzyklandyran umumy bir yatlamadan, däp-dessurlardan, duýgulardan we tebigatyň ynsanlara täsir eden bir wakadan dogduguna ynanylar.

Türk Dünýäsiniň Umumy Baýramy...Nowruz

Bu baýram, Yslam dinini kabul eden ilkinji Musluman yerleşik yaşaýjylary, çarwa Türk jemagatlarynda sürgün awy, toý, baýram, ýug muňa meňzeş, Yslam dini bilen çaknyşmaýan däp-dessurdan biri bolup dowam edip gelipdir. Däp - dessurlar, taryhyny anyklamadygymyz döwürlerden galypdyr. Näme üçin, nädip, sebäp ýaly soraglar soralmadan atadan ogyla geçipdir. Däp-dessurlar bu aýratynlygy bilen millet bagyny güyçlendiren iň möhüm ýollardan biridir. Baharyň gelişiniň gutlandygy bu gün hem bular ýaly bir däp- dessurdyr.

Nowruz dessury ne Sünnilik bilen, ne Alevilik bilen, ne Bektaşylyk bilen gönüden göni bir baglanyşygy bolmadyk, Yslam dininden gaty öňki döwürlere giden bir dessurdyr. Ýagny bir diniň ýada ynanjyň baýramy däldir. Bu sebäpden haýsam bolsa bir şekilde ynanç adyna, bir din adyna, bir halkyň köki adyna bagly görkezilmesi, sezewar edilmesi bir aýratynlyk edilip görkezilmesi dogry däldir. 

1990-njy ýyllarynda ,Garaşsyzlygyny yglan eden Türki Döwletlerinde Gyrgyzystan, Özbekistan, Gazagystan, Türkmenistan we Azerbeýjan bilen Russiýa Federasiýa içindäki Tataristan 21 Mart Ergenekon/ Nowruz Baýramy “ Milli Baýram” diýip yglan ettiler. Türkiýede hem 1991 ýylynda Türk Dünýäsi bilen bilelikde umumy bir gün diýip resmi bir dynç günü bolmadan baýram yglan edilipdir.

Türk Dünýäsiniň Umumy Baýramy...Nowruz

Nowruz; Türk ynsanyny birek birege daýaýan, baglaýan, Ergenekondan demir daglary eretip diýrelen ata-babalarynyň ruhy bilen ýanan bir otdyr. Bu ot, hiç sönmeden müňläp ýyl ýandy, we gelejekde o odyň, uçgunlaryndan müňläp göwni tutaştyryp “ umumy medeniyet ojagy” müňläp ruhy yylatjaktyr.Ýewraziýanyň, Türk älemininiň Nowruz gülleri geljege umyt daşasyn.

Nowruz; Türki Dünýäsindäki adlary: Türk Dünýäsinde, Hunlardan käwagt tapawutly adlar bilen bu güne çenli gelip ýeten tebigatyň we milli oýanyşyň birikdirilmesi manysyna gelen Nowruz   (Täze Gün) bayramlarynyň şu adlar bile gutlanyldygy bilinýär. 

Nowruz, Nawruz, Nowruz, Soltany Nowruz, Soltany Navruz, Nawrez, Naoruz, Nowroz, Nawruz Norus, Ulusyn Uly, Güni, Ulusyn Uly Günü, Uly Gün, Ergenekon, Bozkurt, Çagan Baby Marta, Possunly Mart, Birinji Yaz Yortusy, Taze Gün, Yengi Kün, Taze Yıl, Mart Dokuzy, Mareke, Meyram, Nartukan, Altay Ködürgenş, Ysyakh Bayramy, Bahar Bayramy, Göçmen Bayramy, Mewris.