Sevde Kalafat
1 year ago - 26 Saniye

Rus-Gyrgyz Galkynma Fony we Türk Eximbank arasyndaky şertnama

Rus-Gyrgyz Galkynma Fony we Türk Eximbank arasyndaky şertnama

Gyrgyzystan-Türkiýe iş birligini kämilleşdirmek üçin möhüm gadamlar basýar. Bu babatda, Gyrgyzystanda gurulan Rus-Gyrgyz Galkynma Fonu bilen Türk Exim Banky özara şertnama gol çekdiler. Rus-Gyrgyz Galkynma Fonunyň prezidenti Bakyt Kurmanbekova, bu işbirliginiň Türk-Gyrgyz iş dünýasi üçin wajyp bir pursat bolanlygyny we Gyrgyz iş adamlaryna Türkiýeden ýeňillik bilen gerek enjamlary we gurallary almak bilen üpjün eder diýip belläp geçti.

Şeýlede, Kurmanbekowa Türk-Gyrgyz gatnaşyklarynyň kadaly ösüş baryşyny, ýakyn wagtda oňaýly netijeler getirjegine ynanýanlygynygy belläp geçdi.

Çeşme: IHA