Rabiya Arcan
1 year ago - 1 Dakika, 45 Saniye

Reňkli Bişkek Bazary

Gyrgyzystan ( başga resmiýetdäki ady Gyrgyz Respublika) Merkezi Aziýanyň beýik iki dag ulgamlarynyň Taňry Dagy ( Tiýen Şan ) we Pamir arasynda ýer alar. Gyrgyzystanyň dört döwlete ortak araçägi bardyr. Hytaý bilen günorta we günorta-gündogarda, Gazagystan bilen demirgazykda, Özbegistan bilen günbatarda, Tajikistan bilen gündogar – günbatarda araçäkleşer. Otyran geografiýa böleginiň kömegi bilen söwdada özüni ösdürüp, Aziýanyň iň uly umumy bazarlaryndan biri bolan “ Dordoý Bazary” gurupdyr. 1990-njy ýylda açylan bu ägirt uly bazar, häzirki wagta çenli işleýär. Jemi 100 gektar meýdanda ýer alan bazarda 40. 000 töweregi satuw nokatlary bar. Dordoýda takmynan 55 müň adama iş mümkünçiligi bar.

Reňkli Bişkek Bazary


Satyş bazarlarynyň aýratyn bölümleri: egin-eşik, köwüş, mebil önümleri, elektronika enjamlary , oýunjaklar, awtomobil enamlary, gurluşyk materiýallary, ýaly birnaçe görnüşlerde ýokary derejelere eýe bolupdyr. Käbir azyk önümleri görnüşleri ( muňa mysal, kärhanada taýýarlanan süýjü we süýjü önümleri) Dordoýda satylýar.

Dordoýda satylan önümleriň köpüsü oturan ýeriniň tasiri bilen Hytaýdan gelýär. Egin-eşik önümleri Taýland we Ýewropadan, aýdým-saz CDleri we muňa meňzeş elektronika enjamlar Russiýadan we Ýewraziýadaki beýleki birnäçe döwletlerden gelen önümleri hem tapyp bilersiňiz.

Bazarda işleýän we söwda eden birnäçe ynsanlar Gyrgyzça gürleşseler hem söwdada ulanylyan ene dil Rusçadyr.


Reňkli Bişkek Bazary


Dordoý Bazary Söwda we Işletmeler Gurnagynyň Ýolbaşçysy Sergeý Ponomorewyň aýdyşyna görä, bu wagta çenli Dordoý Bazarynyň ýyllyk söwda girdejisi barada anyk bir gözleg ýapylmady. Dünýä Bankasy gözleglerine göre 2009-njy ýylda bazaryň bir ýyllyk söwda girdeýjisi 4 milýar dollar hökmünde anyklanypdyr. Bazaryň häzirki girdejisi bolsa 3,5 milýar dollar möçberinde hasaplanypdyr.


Reňkli Bişkek Bazary


Dordoý Bazary, birnäçe kiçi bazarlardan ybaratdyr. Junhaý ( Hytaý Mallary Bazary) Dordoý- Ford ( maşyn ätiýäçlary bazary), Muras Spor ( spor enjamlary bazary), Oberon ( Ýerli egin -eşik ussahana bazary), Kerwen ( köwüş lomaý bazary), Alkanow we Co. ( ýerli eğin-eşik ussahanasy bazary), Dordoý Vostok ( Türkiýe we beýleki döwletlerden gelen önümler bazary), we Ak – Suw ( Türkiýe we beýleki döwletlerden gelen harytlaryň lomaý bazary) bular bazarlaryň iň möhümlerindendir.