Sevde Kalafat
1 year ago - 1 Dakika, 48 Saniye

Ren Keýikleri bilen uzakdaky ýaşaýyş '' Dukhalar''

Mongoliýanyň demirgazyk tokaýlarynda ( iňňe ýaprakly tokaý) ýaşaýan Dukhalar, Ren keýikleri bile bolan dostlyklary we çarwa ýaşaýyş usuly bilen üns çekýär. Dukhalar “ alaja öý” “ direg öýi” diýilen zömmek çadyrlarda ýaşaýarlar. Gypjak toparyndan bir şiwe bilen geplän halk, awjylyk we toplaýyjylyk bilen meşgul bolýarlar. Iýip- içgi medeniýetinde bolsa köp görnüşden uzak diýip bileris. Çörek, uly manty, miýweler, gowurlan makaron, ertirleri bolsa süýt goşulan çaý içýärler, keýik etini guradyp ýada suwda saklaýarlar.


Ren Keýikleri bilen uzakdaky ýaşaýyş


Ata-bablarynyň Tuwadan Ren keýikleri bilen bilelikde bu ýere gelendikleri çaklanan Dukhalaryň bu haýwanlara bolan baglylyklary äşgärdir. Etinden, süýdünden we güýjünden peýdalanýarlar. Ren keýiklerinin ýok bolmasynyň önini almak maksady bilen, üç keýikden birini awlaýarlar, emma bu keýikleriň neslini goramak üçin kanagatlanarly bolmaýar. Neslini dowam ettirip bilmek üçin 1986 ýylynda Rusýadan ýigrimi sany keýik getirilipdir emma bu ýok boluşyň önini alyp bilmändir.


Ren Keýikleri bilen uzakdaky ýaşaýyş


Tomus gutarandan soň, güýzde obalaryna göçüş başlaýar. Şamanizme jebis bagly bolan Dukhalar, Şamanizimde tebigatyň mukaddes kabul edilmesi sebäbi bilen, ona uly sarpa goýýarlar we gereginden başkasyny almaýarlar. Derýalary hapalamak ýada töwereginde goýun kesip ganyny suwa akdyrmak günä hasap edilýär. Ganyň suwa garyşmasy ýagdaýynda derýadan bagyşlamasy üçin süýt berilýär. Mongoliýanyň iň kiçi ýaýaýyş topary bolan bu halkyň çarwa bölegi 200 kişi, toplam ilat sany 500 kişä ýakyndyr. Dukhalaryň bir bölegi “ Akgöl” diýlip ad berilen, Magolja “ Sagannur” bolan obada çarwa durmyşa dowam edýärler. Bu ýerde okuwa giden çagalaryň, ýaşlaryň Dukha dilini bilmemesi we öwrenmek islememeleri diliň ýok bolma ýagdaýyna girendigini görkezýär. Dukha medeniýeti Mongol medeniýeti bilen garyşypdyr we bu iki millet arasynda öýlenme ýagdaýy esas bolup durýar. Dukhalary Mongollardan aýyran iň bilinen tapawut şek-şüphesiz beýik gaýalarda Ren keýigi ýetişdirip çarwa bir durmyşda ýaşamalarydyr. Dukhalar hakkynda geçirilen gözlegleriň iň ulysyndan biri 2012 ýylynda Atlas Jurnalynyň ýazyjysy Seljen Büýüküstele mahsusdyr. Büýükestel, iki aý ýaly wagt Dukhalar bilen ýaşapdyr, durmuşlary bilen baglanşykly maglumatlar edinip we bir dokumental film taýýarlapdyr.


Ren Keýikleri bilen uzakdaky ýaşaýyş