Gülalek Annamuradova
1 year ago - 1 Dakika, 18 Saniye
tr
az
en
kk
ky
uz
ru
tk

Merkezi Aziýa we Owganystan Ministrler Maslahaty

2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkeziň açylmagynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp “Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi: sebitde parahatçylyk we gülläp ösüş maksatlarynda Merkezi Aziýa bilen 10 ýyl hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. Bu maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R. Meredow, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow, Gazagystan Daşary işler ministriniň kömekçisi Erjan Aşykbaýew, Gyrgyzystan Daşary işler ministriniň birinji kömekçisi Dinara Kemelowa, Tajikistan Daşary işler ministriniň kömekçisi Muzaffar Hüseýinzode we Owaganystan Daşary işler ministri kömekçisi Naser Ahmad Andişa gatnaşdylar.


Merkezi Aziýa we Owganystan Ministrler Maslahaty


BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň ýolbaşçylygynda bolan bu maslahat, Merkezi Aziýa sebitindäki çaknyşykly ýagdaýlary öňüni alyş diplomatiýasynyň usullarynyň we gepleşikler prosesiniň serişdeleriniň kuwwatlanmasy üçin wajyplygyny aytdy.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň 10 ýyllygyna gurnalan maslahatdaky beyannama görä, merkeziň dördünji döwürlik 2018-2020 ýyllaryny içine alýan maksatnama kabul edildi. Bu maksatnama laýyklykda sebitleşýän döwletler arasyndaky özara hyzmatdaşlyklar çaltlandyrylmasyna aýratyn orun berildi.

Şeýle-de beýannamada, Owganystanyňda bu maslahata gatnaşmagynyň möhümligi bellenilip, Merkezi Aziýa bilen Owganystan arasyndaky özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi we ýokary derejede ösdürürilmegi çak edilýär.

Çeşme : Atawatan Türkmenistan Habarlary Agentlygy (ATHA)