Gülalek Annamuradova
1 year ago - 1 Dakika, 16 Saniye
tr
az
en
kk
ky
uz
ru
tk

Gözelligiň we Sungatyň nusgasy “Türkmen Halysy”


Türkmen Halysy özüne mahsus ruhy medeniýeti we nepisligi özünde jemlär. Türkmenistanda geçirilen gazuw agtaryş işlerinde halkyň haly sungatynyň gadymy döwürlere uzandygyna galyndylar şayatlyk edýär. Türkmen Halylarynyň irki nusgalary wagtyň geçmeği bilen yitipdir yöne, özboluşlylygyny saklapdyr. Häzirki wagta çenli tapawudyny goramagy başarypdyr. Türkmen halysynda ak, sary, gara reňkler bilen bir hatarda has hem gyzyl reňk agdyklyk eder. Haly dokamak bilen köplenç ayal-gyzlar meşgul bolar.


Gözelligiň we Sungatyň nusgasy “Türkmen Halysy”


Türkmen zenany hem edil Anadoly zenany yaly dokan halysyna yöne düşünjelerini yerleştirmez, şol bir wagtyň özünde, dini ynanyşlaryny ve sembollaryny, gündelik durmuşda ulandygy enjamlary ve töwereginde gördigi haywan şekillerini ve tebigat çyzgylaryny halysyna nagyş eder. Her bir Türkmen taýpasynyň özine mahsus bir nusgaly düşünjesi bardyr. Her taýpanyň ýerleşiş ýerleri we ýaşaýşyny görkezen nusgalara gabat gelinýär.

Türkmen halylarynda hiç üytgemeyän belli element göl nusgasydyr. Dury suw toplanmasy manysynda ulanylan göl Türkmen halysynyň meşhur motividir. Her taýpa dokan halysynda özlerini beýan eden göl motivini ulanypdyrlar. Bu sebäp bilen göl taýpalary häsiyetlendiren bir nyşan halyny alypdyr.

Häzirki wagta çenli dünýäniň in uly halylarynyň Türkmenistanda dokalandygyny buysanç bilen aýdyp bileris. 2001 ýylda dokalan Türkmen halysy Guinnes Rekorlar kitabyna girmegi başardy. Halynyň agramy 1 ton 200 kilogramdyr. 2004 ýylynda bolsa Merkezi Aziýanyň iň uly metjidi üçin Türkmen halyjylary uly halylar dokadylar. Türkmenistanyň baýdak ve gerbinde haly gölleri bardyr. 1992’den bäri bolsa Türkmenistanda her ýylyň Maý aýynyň soňky dynç güni “ Haly Baýramy” bellenip geçilmesi Türkmenler üçin halynyň gadyr gymmaty nähili ýokary bolandygynyň görkezmesidir.