Sevde Kalafat
1 year ago - 1 Dakika, 7 Saniye

Gazagystan Latyn Elipbiýsine geçýär

Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Gazak dilinde Kril elipbiýsinden Latyn elipbiýine geçme buýrugyny berdi. 2018-nji ýyldan başlap okuwlarda, sapak kitaplarynda Latyn elipbiýsinde neşir edilmesini maksatlaýan Nazarbaýew, 2025 ýylyna çenli bütin kitaplaryň, çaplaryň we resmi resminamalaryň Latyn elipbiýinde neşir edilmäge başlamasyny maksat edinýär.


Gazagystan Latyn Elipbiýsine geçýär


Gazagystanyň Prezidentiniň resmi internet sahypasynda çap edilen “Oriýentatsiýa: Geljegiň ruhy janlanmasy” adly makalasynda Nazarbaýew, Gazagystan hökümetine 2017-nji ýylyn soňuna çenli Gazak Kril elipbiýiniň Latyn elipbiýine geçiş grafasyny taýýarlama buýrugyny berýär.

Bu geçişin “ sýýasý sebäplere” bagly bolandygyny nygtaýan Nazarbaýew, makalasynda häzirki wagtda Gazagystanyň dürlü elipbiýleriň ulanylyşy bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary berýär.

10-njy asyrdan 20-nji asyra çenli döwletde Arap elipbiýsiniň ulanyldygyny bellän Nazarbaýew, makalasynda 1929 ýylynda Latyn elipbiýsine geçme karary alandygyny, Kril elipbiýsine bolsa 1940-njy ýýlda geçildigini ýatladýar.

2017-nji ýylyň soňuna çenli alymlar we halk jemgýýetiniň wekilleri bilen boljak maslahatdan soň Latyn elipbiýsi esasynda Gazak elipbiýsinde bir standartyň taýýarlanmasy gerekdigini aýdan Nazarbaýew, 2018-nji ýyldan başlap orta mekdepler üçin Latyn elipbiýsinde kitaplaryň neşir edilmesini we täze elipbiýde magaryf üçin spesialistleriň taýýarlanylmasy gerekdigini nygtap geçýär.

Maksatnama görä geçişiň birinji basgançagynda hem Kril hemde Latyn elipbiýsi ulanylyp biljekdir.

18 milýona barabar ynsanyň ýaşadygy Gazagystanda,  Gazakça we Rusça döwlet dili bolup gepleşilýär.

Çeşme: Kyrym Habar Gullugy