Dilek Özdemir
1 year ago - 42 Saniye

Gazagystan, 2024 ýyla çenli tebigy gaz we nebit pudagynda 8 milliard dollarlyk maýa goýar

Gazagystan, 2024 ýyla çenli tebigy gaz we nebit pudagynda 8 milliard dollarlyk maýa goýar

Gazagystan tebigy gaz we nebit önümleri pudagynda 2024-nji ýyla çenli 8 milliard dollarlyk maýa goýum amala aşyrmagy göz öñünde tutýar.

Gazagystanyñ Energiýa Ministrliginiň aýtmagyna görä, döwlet 3,4 trillion metr kub öndürip bilýänligini we jemi 7 trillion metr kub tebigy gaz ätiýaçda barlygyny belläp geçdi.

Tebigy gaz bilen nebitiň parallel öndürýänligini aýdyp, ‘’ Gazagyztan tebigy gaz önüminiň 70 protsentini ABŞ, Hytaý, Russiýa we Ýewropa döwletlerindäki maýa goýumjylar bilen amala aşyrýar. Uly halkara fimalar bu döwletleriň wekilleridir ’’ diýdi.

Geçen ýyl 46,4 milliard metr kub bolan tebigy gaz önümçiligi, bu ýylyň soňunda 48 milliard metr kuba çykarmagy maksada goýulanlygyny, we pudakda 2024 ýyla çenli daşary ýurtly firmalar bilen birlikde jemi 8 milliard dollar maýa goýum planlananlygy mälim edildi.

Maglumata görä, goýum planynda jemi 1,3 million tonna polimer önümiň iki nebit-himiýa sygymly proýektiniň boljagy kesgitlendi.