Dr. Atasağun
1 year ago - 1 Dakika, 26 Saniye

Garaşsyzlykdan soň Gazak Türkleriniň milli we dini şahsyýetlerine eýe çykmak ugrandaky göreşi

Garaşsyzlykdan soň Gazak Türkleriniň milli we dini şahsyýetlerine eýe çykmak ugrandaky göreşi


Garaşsyzlykdan soň Gazagystan özüni Türk we Musluman şahsyýetli bir döwlet diýip tanatmaga başlapdyr. Gazagystanyň; Türkiýeniň başlatdygy Türk Döwletleriniň Prezidentleri Ýygnagyna goşulmasy we Yslam Işbirligi Guramasyna agza bolmasy munuň subutnamasydyr. Ýöne Gazak şahsyýetiniň emele gelmesinde Türklik; Sowýet döwrindäki dinsizlik sebäbi we Yslam dünýäsiniň uzak ýerlerde bar bolmasy sebäbi bilen Yslamdan öňe çykypdyr. Muňa mysal, Gazagystanyň günorta goňşulary Yslamyň nyşany bolan aýy baýdaklaryna ýerleşdirmesi, Gazagystan Taňrylygynyň nyşany bolan Gün we gök asmanyň reňki gök reňkini baýdagynda beýan edipdir.

Gazagystanda Türklik bilgisi Gazaklyk bilgisinden geçer. Demirgazygynda Pantürkizm arzuwyndan titreýän Russiýa ýaly bir uly döw bar bolsa we halkynyň bir bölegini Slawýanlar emele getirýän bolsa resmi şekilde Türklükden söz açyp bilmezsiniz.

Ynsan öz şahsyýetini tanamasy, atalaryny tanamasy bilen bagly boldygy üçin okuwlarda Gazagystan taryhy okadylmaga başlanyldy. Öňden Sowýet döwrinde hem okuwlarda Gazagystan taryhy adynda bir sapak bardyr ýöne kitaby inçeçikdir we mazmunynda köplenç Gazagystanyň öz islegi bilen Rus häkimiýetini kabul edenligi ýazylypdyr. Häzirki wagtda Uniwersitetlerde bütin bölümlerde birinji synpda Gazagystan taryhy mejbury sapak bolup okadylar. Bu sapagyň kömegi bilen Gazak ýaşlary atalarynyň geçen ýolyndan geçip şahsyýet düşünjelerini güýçlendirerler, kim boldygyny, nireden gelendigini, dünyäde nirede durandygyny öwrenerler.

Musluman şahsyýetine gelsek, Gazagystanda başka dinlere mahsus halkyň bar bolmasy okuwlarda Yslam ýaly bir sapak ýokdyr. Köplenç dynç günlerde Gazak maşgalalar çagalaryny mesjide ugradarlar. Gazagystanda Din Işleri Ministirligi gurulypdyr we bu ministirlik ymam ýetişdirmek we Yslam bilen bagly bolup halky maglumatlardan üpjün etmek bilen jogapkärlidir. Gazaklaryň dine gyzyklanmasy hasam güýçlenýär we mesjidyň saný her ýyl köpelýär.

Çeşme: Din Muhammed Ametbekin 11 Iýun 2014 çykyşy