Dilek Özdemir
1 year ago - 1 Dakika, 38 Saniye

Gadymy asyryň ýakymly ysly Diýary; PHASELIS

Gadymy asyryň ýakymly ysly Diýary; PHASELIS


Gadymy döwüriň meşhur şäheri Phaselis; miladan öň 42 ýylynda Bürütüs tarapyndan Rime baglanypdyrr we Wisans döwründe piskoposluk merkezi bolupdyr. Rodoslular tarapyndan bolsa miladan öň 693 ýylynda bir port şäheri bolyp gurlandyr. Şäherde deňiz sowdasy iň möhüm girdeýji çeşmesi bolypdyr. Phaselis ir döwürlerde suw zerurluklaryny guýuda we sarnaçda üpjün edenler bolsa, Rim gadymy eýýäminde bolsa, şäheriň demirgazygyndaky bir çeşmeden suw kemeri bilen Hadrianus Agorasynyň arkasyndaky depä suwy getiripdirler, bu ýerdende küňkler we kanallar bilen şäheriň içine ýaýradypdyrlar.


Gadymy asyryň ýakymly ysly Diýary; PHASELIS


Şäherin esasy taryhy galyndylary esker deňiz duralgasy bilen günorta deňiz duralgasyny biri birine baglaýan baş köçäniň iki ýanynda tapmak mümkindir. 125 m uzynlykda 20-25 metr ginişlikdäki bäş köçaniň iki tarapynda üç sany basgançak bilen çykyp boljak düşelen köçe ýer alýar. Köçe ortalarda bir meýdan emele getirenden soň günorta deňiz duralgasyna barylar. Tekiz daşlar bilen örülen bu köçaniň aşagynda kanal ýollary we drenaj ulgamy bardyr.

Phalesis gadymy şäheriň üç deňiz duralgasy bardyr. Munuň bilen birlikde orta we günorta deňiz duralgasyny biri birine sepleýän sütinli deňiz duralgasy köçesi , köçaniň deňiz tarapynda kiçi bir depä arkasyny diran teatr , Rim hamamy, agoralary, depedäki akropol, suw kemerleri we Hadrianusýn şäher zyýaraty dowamynda mertebesine ýasalan Hadrian gapysy, gadymy şäheriň görülmane deger ýadygärlik galyndylary arasyndadyr.

Häzirki wagtda ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň gündelik gezelenc ýeri hökmünde üns çeken Phaselis, taryhda ösümlik meýdanynyň baýlygy sebäpli ‘ Atýr gory’diýlip bilinýär.


Gadymy asyryň ýakymly ysly Diýary; PHASELIS


Phaselisin içi we töweregi arça tokaýlary bilen gurşalanlygy sebäpli tomusyň yssy günlerinde hem sergin howasy bardyr. Bu sebäpli, gadymy şäheri arkaýyn gezip we tebigatyň keýpini çykyryp bilersiniz. Phaselisiň plýaž öran owadandyr. Jadylaýjy üç goýnundan isläninizi saýlap, tebigatyň we deňiziň keýpini cykaryp bilersiňiz.

Tebigatyň jomartlyk bilen eçilmesi, taryhy, medeniýeti, tebigaty we deňizi sizlere sowgat eden bu gadymy şäheri ýaşap görmelisiňiz.