Dilek Özdemir
1 year ago - 1 Dakika, 53 Saniye

Ekoturizm we Peýdalary

Ekoturizm täze bir düşünjedir. Birinji gezek 1992 Rio Töwerek Duşuşygynda dowam edilip bilinjek bir dünýä we töwerek gurşaw üçin normalar orta goýulypdy. Bu normalar, turizmde ulanylyp, töwerek-daşa zyýan bermeden , ondan peýdalanma ýollaryny ösdürilmesi we bütin ýerli halklaryň medeniýetlerini ýok etmeden , olaryň turizm çärelerinden peýdalanmalarynyň amala aşyrylmasy babatyndan ybaratdyr. Ekoturizm tebigat söýüjüler we daş-gurşawa ähmiýet beren turistleriň hereketlerinden öran giňiş bir mowzukdyr. Hakykatdanda bu düşünje ekonomik we jemgyýet gatnaşyklaryň jemidir.

Ekoturizm we Peýdalary

Ekoturizm şol bir wagtda jemgyýet we medeniýet çärelerini özünde jemlän we birnäçe işleri hem içine alan çäredir. Ekoturizm şol bir wagtda dowam edilip bilinen Turizm diýibem adlandyrylyp biliner. Ekoturizmiň ikinji peýdaly tarapy “ ýerli medeniýetleriň dowam etdirilişi we ýerli halklaryň bu turizm işlerinden peýdalanmasy” esaslaryny gurşap alar. Birinjisi, ekorurizm çäreleriniň geçirildigi ýeriň ýerli halkynyň bu çäreden maddy paýyny almasydyr.

Bulary, üpjün etmek üçin birinjiden , halkara uly syýahat operatorlaryndan daşary ýurt hatda sebit babatynda öran kiçi agentlikleriň ekoturizm çäklerinde ýerini alyp bilmesi arzuw edilýär. Bu agentlikleriň syýahat programalaryny ýerine ýetirýan mahaly, bolup bilse syýahatda gerek bolan zatlary o sebitden üpjün etmek, sebite maddy peýda üpjün etmesiniň bähbitli bir şertidir.

Ekoturizm we Peýdalary

Ikinji möhüm esas bolsa , bir sebite turizm arkaly goşant goşar , maddy we ruhy medeniýet parçalarynyň zaýalanmazlygy esasydyr.

Hakyky medeniýetleriň , ahlaky gymmatlyklaryň bozmadan ýaşaýan sebitlerde , turist toparlary bu gymmatlyklara sylag borjuny berjaý etmeli. ( egin - eşik babatynda üns bermek, dini we gadymy gymmatlyklara ähmiýet bermek, ýerli iýme-içme, wagt geçirme, muňa meňzeş däp-dessurlara sarpa goýmak we mümkün bolsa goşulmak )

Şol bir wagtyň özünde, isle turizm sektory, islese haryt hyrydarlary ýerli bilen gabat gelmeýän arhitektura önümleri ýerine, goraga alynan hakyky binalarda hyzmat beren ýerleşme merkezlerine isleg bildirmeli we goldamalydyr.

Indi bütin dünýäde bu ekolog garaýyşy özleşdirýan agentlikler we olaryň turlary goldaw berýär we saýlanyp alynýar. Hatda bu düşünje bilen çäreler geçiren agentliklere, tapawutlanan sylaglar, dokumentler berilýär.

Ýer ýüzündäki bütin ynsanlaryň biri biri bilen duşuşmasy, birleşmesi we parahatçylyk içinde jemlenmesini üpjün eden turizm hereketleri, bular ýaly garaýyş bilen , öňden bar bolan maddy we ruhy gymmatlyklara zyýan bermeden dowam edip biler.