Sevde Kalafat
1 year ago - 1 Dakika, 21 Saniye

Dünyä açylan gapy '' Mewlana Alyş-Çalyş programy''

Dünyä açylan gapy


Uniwersitet bilşimiz ýaly durmuşumyzyň in möhüm öwrüliş nokatlarynyň biridir. Gözýetimizi ginişletmekde, sosial we medeni manyda özümizi ösdürmekde, ýaşaýyşymyzyň hilini gowylandyrmakda hoş bir pursatdyr. Daşary ýurtda az wagtlaýyn hem bolsa bilim almak, adamyň hem täze bir dili ýeňillik bilen ögrenmesi hemde giden ýurdunyň medeniýetini we taryhyny ýakyndan tanamasy gowy mümkünçilikdir. Bu ýazgyda, daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplar üçin Mewlana Alyş-çalyş program hakkynda belläp geçeliň.

Mewlana Alyş-çalyş programy, bilim beren milli ýokary okuw gurumlary bilen daşary ýurtda bilim beren ýokary okuw gurumlary arasynda talyp we okuw işgärlerin çalyşmasy bilen üpjün etýär. Başga programlardan tapawutly tarapy, dünýäniň bütin sebitlerindaki ýokary okuw gurumlaryny içine alýandyr. Gatnaşmak isleýän birisiniň iň az bir we iň köp 2 semester bilim almak üçin; okuw işgärleri üçin iň az bir hafta in köp üç aý wagt bilen dünýädäki ýokary okuw gurumlarynda sapak bermek ýaly mümkünçiliginden peýdalanyp bilerler.

Program bilen daşary ýurda gitmek isleýän talyplar, giden ýurdunyň medeniýetini ýakyndan tanaýyş, daşary ýurt dilini öwrenme, akademiki durmuşynyň bir bölüminde tejribe gazanma ýaly mümkinçiliklerden peýdalanyp bilerler. Bilim almana giden talyplara stipendiýa bilen üpjün edilyar.

Bu programa gatnaşmagyň şertleri: talyplaryň resmi bilim beren ýokary okuw programalarynda talyp, aspirant ýada doktorlyk derejesi okaýan bolup, ortalama bahasy 3 bolmaly, %50 dil utugy +%50 baha ortalamasy görnüşündedir. Programa gatnaşmak isleýanler resminamalaryny, internet sahypasynda Mewlana Alyş-çalyş program gurumy kordinasýon edarasyna tabşyrmalydyr.

Möwlana alyş-çalyş maksatnamasy bilen aşakdaky döwletlere gidilip biliner:

ABŞ

Russiýa

Ýaponiýa

Hytaý

Azerbeýjan

Günorta Koreýa

Taýland

Kanada

Ukraina

Awstraliýa