Özbegistanyň takmynan 32 million ilaty bolyp, Merkezi Aziýada ýerleşýän bir Türk döwletedir.Taryhy Samarkand, Buhara, Hywa, Taşkent ýaly gadymy Türk Yslam medeni şäherlerine eýe bolan döwlet, häzirki wagtda prezidentlyk sistemasy bilen dolandyrylan respublikadyr.Özbegistanyň ady taryhy çeşmelere görä, Altyn Orda begi Özbek hanyň adyndan gelendir. Özbek Han 1313-1340 ýyllarda Altyn Orda döwletiniň başyna geçipdir. Ýene-de taryhy çeşmelere görä bu bileleşige Özbekler diýiler. Altyn Orda Hanlygy, meşhur hökümdar Çengiz Hanyň agtygy Baty Han tarapyndan gurulandyr. Altyn Orda Hanlygy 1319 ýylynda Tuna boýlaryna we Edirnä çenli gelipdir. 1335 ýylynda bolsa Baty Han Azerbaýjan saparyna çykypdyr. Meşhur syýahatçy Ibn Batuda, Özbek Handan we onyň giňiş ýurtlary, güýçli ordasy hakkynda belläp geçipdir.Bu döwürde bütin Gypjak boýlarynyň Türk dilinde gürleşenligi aýdylyp geçiler. 1428-1468 ýyllar arasynda Özbekler örän ýakyndan direnipdirler we 1500-1510 ýyllarda Maweranahr bölegini eline geçiripdirler. Ýöne, 1740-da Eýran hökümdary Buharany eline geçiripdir we şeýlelik bilen bu Özbek hanlygy ýykylypdyr. Buharanyň başyna 1753-de Muhammet Rahim geçipdir we onyň döwüri 1920 ýylyna çenli dowam edendir.1924-de bolsa häzirki wagtky Özbegistan Respublikasy gurulandyr, emma 1945 ýyldan soňraky ýyllarda Russiýa tarapyndan dolandyrylandyr. Özbegistanda Kongrat, Nagman, Mangyt, Toýakly, Sawaý, Baryn, Üç Urug, Burgut, Arlat, Knagly, Baştaş, Garagalpak ýaly boýlary bardyr we bularyň hemmesi Özbegistany döretýändir.SSSR-iň çökmegi bilen, Özbegistan Sentýabr aýynyň 1-nde 1991 ýylynda garaşsyzlygyny gazanandyr.