Gazagystan resmi ady Gazagystan Respublikasy bolyp, Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropada garaşsyz döwletdir. Gazagystan, ( Azerbaýjan, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy, Gyrgyzystan, Özbekistan, Türkiýe, we Türkmenistan bilen) günümizdäki ýedi garaşsyz Türk döwletiniň biri bolan Türk Geňeşi we TÜRKSÖÝuň agzasydyr. 2.724.900 km meýdany bilen (Günbatar Ýewropanyň meýdany ýaly) dünýaniň iň uly dokuzynjy döwletidir. Musluman döwletleriniň we Türk döwletleriniň içinde meýdany boýunça iň ulusy, tebigy gorada iň baý ýurtdyr. Gazagystan, Türk taryhynyň wajyp döwletlerinden bolan Saka, Hun, Göktürk, Gypjak, Garahanly, Altyn Orda ýaly döwletleriň merkezi, Gypjak, Oguz, Garlyk ýaly Türk boýlarynyň tanapy bolandyr.Goňşylary, demirgazygynda Russiýa, günortada Türkmenistan, Özbegistan we Gyrgyzystan, gündogarda Hytaý ýerleşýär. Döwletiň esasynda Hazar Deňizi we Aral köli bilen araçäkleşyär.Gazagystan, 1990 ýylynda ýüze çykan ykdysady krizisler we Sowýet Sosýalist Respublikasynyň dargamasy bilen, 1991 ýylynda garaşsyz döwlet boldy. 1991 ýylynda Sowýetlerden aýrylan Gazagystan, konstitutsiýasyna görä uniter, laik respublika diýlip tanalandyr. 2017 ýylynda ilatynyň 17 926 500 bolanlygy çak edilýär.Garaşsyzlygyndan soňra, syýasy we ykdysady stabilleşmä gowuşan Gazagystan, uly nebit, demir, altyn, gurşyn we uran ýaly gorlary bardyr. Gazagystan tebigy gaýnaklary we topraklary bilen hem wajyp döwletdir. Möçberi we görnüşi boýunçada mineral we çyg maddalar ýataklary bolan döwletleriniň biridir.