Azerbaýjan Hazar deňziniň günbatarynda, Günorta Kawkasiýada ýerleşýändir. Azerbaýjan demirgazygynda Russiýa, demirgazyk-günbatarynda Gruziýa, günorta-gündogarynda Türkiýe, gündogarynda Ermenistan, günortada Eýran bilen serhetleşýär. Hazar deňizi, Azerbaýjany Türkmenistan, Gazagystan, Eýran we Russiýa bilen suw serhedi baglaýandyr. Azerbaýjanyň Daglyk Karabag bölegi we oňa bagly bolan 7 sany etrap Ermenistan tarapyndan baslyp alynandyr. Bu Azerbaýjan topraklarynyň 20 prosentini tutýandyr.Paýtagty Baku şäheri bolup, döwletiň ilaty 10 milliondyr. Bütin dünýäde ýaşaýan Azerbaýjanlaryň jemi sany bolsa 50 milliondyr. (Eýran Yslam Respublikasynda 30 million, Russiýa Federasiýonynda 3 million, Türkiýe Respublikasynda 3 million, Yrak Respublikasynda 3 million, Ýewropada 1 million, Gruziýada 500.000, ABŞ 450.000, Merkezi Aziýada bolsa 232.000)Azerbaýjan taryhy döwletleriň, imperiýalaryň topraklary bolandyr; Manna, Midiýa, Sasanylar, Albanýa, Atropatena, Şirşahlar, Rewwadiler, Sajiler, Salariler, Seljuklar, Garagoyunlylar, Akgoýunlylar, Safewiler, Awşarlar we Gajarlar.Dünýädäki 11 klimat görnüşiniň 9-y, ýer ýüzünde bilinen 2000-den gowrak palçyk wolkanlarynyň 344-i Azerbeýjanda ýerleşýändir. Azerbaýjan dünýäniň iň beýik açyk muzeýine eýedir; Kobustun mezeýi. 28 May 1918 ýylynda Azerbaýjanda gündogarda ilkinji respublika, aýallara saýlama hakyny beren Azerbaýjan Halk Respublikasy guruldy. Azerbaýjan Halk Respublikasynyň kabul eden üç reňkli baýdagy, milli gimni we beýleki milli nyşanlar 1991 ýylynda SSSR-iň dargamasyndan soňra garaşsyzlyk alanyndan soň milli döwlet nyşanlary diýlip yglan edildi.Azerbaýjan ýarym prezidentlik dolandyryş republikasydyr. Bir döwlet baştutany 2 gezekden kän saýlanyp bilinmez. Saýlanan kandidat 7 ýyl baştutanlyk wezipesini ýerine ýetirip biler.