Türkan Hüseynova
1 year ago - 1 Dakika, 22 Saniye
traz
en
kk
ky
uz
ru
tk

Baku-Tbilisi-Kars demirýoly açyldy

Baku-Tbilisi-Kars demirýoly açyldy


Düýbi 2007 ýylyň 21 Oktýabr aýynda Gruziýanyň Marabda obasynda tutulan Baku-Tbilisi-Kars demirýoly 30 oktýabr 2017 ýylynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Baku-Tbilisi-Jeýhan nebit turbasy ýolyndan soň bu ýol Azerbaýjan bilen Türkiýeni biri birine sepleýän ikinji uly proýektdir. Bu demirýol syýasy, ekonomi, ykdysady, strategiýa ugyrlaryndan möhüm orna eýedir. Ýüpek ýolunyň bir halkasy hasaplanýan bu proýekt durmuşa geçirilenden soň, ykdysadyýete kuwwatlyk we tizlik goşar. Demirýoly, Azerbaýjan bilenTürkiýa göniden gidip gelmek bilen üpjün eder we halkara ýük daşama koridorlaryna gatnaşar. Baku-Tbili-Kars demirýoly bilen bir günüň dowamynda Karsa, iki ýarym günüň içinde Istanbula gelmek mümkin bolar. Azerbaýjanyň ilkinji ýýllarda transit geçişden gazanjak girdeýjiisi iň az 50 million dolar bolar.

Geljekde Ýewropa we Aziýa döwletlerine degişli bolan ýükleriň bu demirýolunyň üsti bilen her tarapa ýük daşama hilini ýokarlandyrar, Orta Aziýa döwletleriniň – Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan we Tajikistan, şeýle-de Owganystana, Ýewropa we dünýa bazarlaryna çykmasy ýeňillik bilen amala aşyrylar.Proýektiň üçinji ýylynda 3-5 million tonna, bäşinji ýylynda 6-8 million tonna ýük, mundan soň bolsa ýylda 3 million ýolagçy we 17 million ýük daşanylmsy çak edilýär. Esasanda Azerbaýjan, Gruziýa we Turkiýe transit geçiş ýük daşamalaryndan ýokary girdeýji gazanar.


Baku-Tbilisi-Kars demirýoly açyldy


Baku-Tbilisi-Kars demirýoly Trans-Ýewropa we Trans-Aziýa demirýoly ulgamlarynyň birleşdirilmegini, ýük we ýolagçylaryň göniden Azerbaýjan, Gruziýa we Turkiýeden geçip Ýewropa we Aziýa gitmesi bilen üpjün eder, gonşy döwletleriň transit geçiş potensialynyň köpelmegi, Ýewropa tarapa integrasiýanyň tizlenmegine, halkara ykdysady gatnaşyklaryň güýçlenmesi üçin hyzmat eder.

Çeşme: www. sputnik.az/economy/