Gülalek Annamuradova
1 year ago - 1 Dakika, 54 Saniye
tr
az
en
kk
ky
uz
ru
tk

BAE-den TAPİ taslamasyna uly gyzyklanma


Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýanyň ýolbaşçylygyndaky BAE-niň wekilçilikli topary, Türkmenistana iş saparyna geldiler. Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň nobatdaky ikinji mejlisi geçirildi we oňa daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýanyň ýolbaşçylygyndaky BAE-niň Energiýa Ministri Suheil Al Mazrui, Özgertme Ministri Abdullah bin Muhammed Belhaif Al Nuaimi, Abu Dhabi Galkynyş Wakyfynyň Müdiri Muhammed Saif Al Suwaydi ýaly wekiller gatnaşdy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işleri ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýany Türkmenistanyň Prezidenty Gurbanguly Berdimuhamedow kabul etdi. Duşuşykda, söwda ykdysady pudagy, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, bank-maliýe ulgamlary, şeýle hem medeni-ynsanperwer ýaly möhüm ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri girizildi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE-niň wekiliýeti bilen duşuşygy mahalynda şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýan öz ýurdunyň işewürler toparlarynyň maýa goýum ulgamynda has giň hyzmatdaşlyga, hususan-da, ýangyç-energetika we elektroenergetika toplumlarynda, awtomobil we demirýol gurluşygy ulgamynda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna we beýlekilere gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdi. Türkmen gazyny Günorta Aziýa döwletlerine geçirjek bolan TAPI taslamasynyň esasy 2015 ýylynda tututlypdy.


BAE-den TAPİ taslamasyna uly gyzyklanma


Şeýle-de, Abdullah bin Zayed Türkmenistanyň demirýol we elektrik gurlyşyklarynda oryn almak isleýänligini belläp geçdi.

Türkmenistan bilen BAE Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň duşuşygy

Mejlisiň çäklerinde BAE-niň wekiliýetiniň agzalarynyň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we hususy düzümleriniň ýollbaşçylary hem-de wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary boldy. Olaryň dowamynda netijeli gatnaşyklaryň geljekki ugurlary kesgitlendi we olary ösdürmegiň geljekki meýilnamalary bellenildi.

Şunuň bilen birlikde, Bilelikdäki komitetiň mejlisiniň barşynda Komitetiň çäklerinde ylym, bilim we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlyk boýunça iş toparyny döretmek, onuň ilkinji mejlisini Aşgabatda geçirmek hakynda ylalaşyk gazanyldy. Syýahatçylyk, gidrometeorologiýa, seýsmologiýa, daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça özara gatnaşyklaryň meseleleri hakynda pikir alyşmalar boldy.

Daşary işler ministrliginde geçirilen mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama we Türkmenistanyň hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki komitetiň üçünji mejlisini 2018-nji ýylda Abu-Dabi şäherinde geçirmek hakynda ylalaşdylar.

Çeşme : Atawatan Türkmenistan Habarlary Agentlygy (ATHA)