Türkan Hüseynova
1 year ago - 1 Dakika, 27 Saniye

Azerbaýjanyň Şypaly Palçygy

Dünýäniň 42 döwletinde palçyk wulkany bardyr. Azerbaýjan dünýäniň palçyk wulkanlarynyň gaty seýrek kämilleşýän bölegi ýaly tanalýar. Palçyk wulkanlarynyň 1/3’i Azerbaýjanda 16000 km² meýdanda toplanypdyr. Dünýäda bilinýän 2000’den köp palçyk wulkanyndan 344’ü Azerbaýjanyň gündogarynda we onyň bilen araçäkde bolan Hazar deňizi töwereginde bardyr. Palçyk wulkanlarynyň bütin görnüşleri ( işleyişde bolan, sönen, gömülen, nebit çykaran, suw aşagy, ada wulkanlary) Azerbaýjanda bardyr.

Azerbaýjanda palçyk wulkanlarynyň öran giniş ýaýylan meýdanlary Abşeron ýarymadasy, Şamahy-Gobustan, Aşagy Kürýan çökügi, Baku ululy kiçili adalar toplamynda we Gruziýa araçäklerindedir.

Azerbaýjanyň Şypaly Palçygy

Palçyk wulkanlarynyň bejergi/ sagdynlaştyrmak maksatly peýdalary:

Wulkan suwlary ýod, bor, brom bilen palçygynyň garyşymlary bolsa peýdaly mikro elementlere baý bolany sebäpli birnäçe keselleriň bejergisinde ulanylýandyr. Entäk 1980 ýyllarynda Azerbaýjanyň 16 şypahanasynda wulkan palçygy: nerwi ulgamy, deri we sepleme keselleriniň poliartrit, radikulit, gepatit we birnäçe deri keselleriniň bejergisinde ulanylýardy. Wulkan palçygy kosmetologiýada hem peýdalanylýar. Wulkanyň palçyk mis, ýod, kaliý, magniý ýaly 24 görnüş mineraldan ybarattyr. Azerbaýjan Saglyk Ministirliginiň satuw rugsadyny beren wulkan palçyk diş bejergisinde hem ulanylýar.

Wulkan palçygy gurluşukda köp ulanylan tebigy çig maldyr.

Azerbaýjanyň Şypaly Palçygy

Wulkan işleri yer titremesiniň hem haber beriji serişdesidir. Ýer titremesiniň peýda boluşyna ýakyn wagytta wulkanlaryň hereketleri güyçlenip başlar. Ýeriň ýüzüne çykan gaz we mineral suwuň birleşmesinden emele gelen käbir himiki üytgeşmeleriň yzarlanan mahaly, ýer titremesiniň haçan bolup biljegini çaklap bolýar.

Palçyk wulkanlaryň ekoturizm üçin hem peydalydyr. 2009-njy ýylda Azerbaýjan dilinde, Rusça we Inlisçe görkezme neşir edilipdir we 25 palçyk wulkanyny içini alan meýdana Baku gelen turistler üçin syýahatlar teklip edilipdir. Azerbaýjandaky palçyk wulkanlary tebigy ýadygärlik stasusy alypdyr hemde döwlet tarapyndan goranmaga alynypdyr.