Gülalek Annamuradova
1 year ago - 1 Dakika, 9 Saniye
tr
az
en
kk
ky
uz
ru
tk

2018-nji ýylyň Mejlis saýlawlary


2018-nji ýylyň Mejlis saýlawlary


2018 ýylyň, Mart aýynyň 25-nde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Bu saýlawlardan öň, Türkmenistanyň Ýokary Saýlaw Geňeşi ýygnandy. Ýygnaga, Ýokary Saýlaw Geňeşiniň agzalary, milli synçylar, komissiýa wekilleri, syýasy partiýalaryň agzalary,metbugat işgärleri çagyryldy.

Ýokary Saýlaw Geňeşi, 2018-nji ýylyň 25-nji martynda boljak saýlawlaryna taýýarlyk görmek we olary guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleriniň barha giň gerim almasy üçin senenama tassyklady. Kandidatlaryň sanawy, saýlawdan 60 gün öňünden başlanjaklygy bellenildi.

Şeýle-de hem ýygnakda, ýygnaga gatnaşyjylar saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça we guramçylykly geçirmek bilen bagly çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, degişli işleri amala aşyrmaga girişdiler.

Duşuşykda, raýatlar we synçylar üçin dürli broşýura taýýarlanmasy, saýlaw geňeş agzalarynyňda saýlawa degişli bilimini kämilleşdirilmesi babatynda kararlar alyndy.

2018-nji ýylyň 25-nji martynda, Mejlis saýlawlary bilen Halk Maslahatynyň we Geňeşleriň agzalaryda saýlanylar. Häzirki wagtda, Türkmenistanyň Mejlisi 125 sany deputatdan ybaratdyr we bu deputatlar 5 ýyllyk saýlanylýar. Döwletiň kanun çykarma häkimiýetine eýe bolan bu Mejlis deputatlary, Döwlet Baştutanynyň teklip etmegi bilen Ýokary Kazyýet Baştutany, Kazy, Içeri Işler we Adalat Ministrlerini wezipä belleme we wezipeden boşatma ýaly işleri ýerine ýetiryändir.

Çeşme : Atawatan Türkmenistan Habarlary Agentlygy (ATHA)